Düýn – 22-nji maýda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky
mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş
sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup
durýandygy nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň dostlukly
gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy, anyk netijeleri
gazanmaga gönükdirilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini
aýdyp, Arkalaşygyň çäklerindäki özara hereketleri üstünlikli utgaşdyrýandygy we
GDA-nyň abraýynyň berkidilmegine uly goşant goşýandygy üçin Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda
Gahryman Arkadagymyz we myhman birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk,
jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.