Düýn – 27-nji iýunda Gahryman
Arkadagymyz «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň strategik meseleler
boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji
direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy.
Milli Liderimiz Türkmenistan bilen
Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň
ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi we özara işewürlik gatnaşyklarynyň
hil taýdan täze derejä çykyp, dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini
nygtady.
Ýeri gelende bellesek, «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi.