Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow
Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny
ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli
atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen
atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi.
Bedewlere çäksiz hormaty bolan Milli
Liderimiz atçylyga höwes edýän çagalaryň geljekde ussat atşynaslar bolup
ýetişip, ahalteke bedewleriniň şöhratynyň artmagyna, milli atşynaslyk
däpleriniň ylmy esasda ösdürilmegine goşant goşjakdyklaryna, «Galkynyş» milli
at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem bolup biljekdiklerine ynam
bildirdi.
Peder ýoluny dowam etdirmäge höwesek
çagalar Milli Liderimiz bilen duşuşyp, milli atşynaslygyň dünýäsine degişli
gyzykly gürrüňleri diňlediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň
halkymyzyň döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň dünýä nusgalykdygy barada
aýdanlary körpeleri bu hünäri çuňňur özleşdirmäge we bu ugurda belent
sepgitlere ýetmäge ruhlandyrdy.
Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň wise-prezidenti Gahryman Arkadagymyza bu ýere gelip, ata
höwesek ýaşlaryň hünärine badalga berendigi hem-de çagalary atşynaslyk
dünýäsiniň ak ýoluna atarandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, «At
– myrat» diýlişi ýaly, çagalaryň asylly maksatlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň we
hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen amal boljakdygyna ynam bildirdi.