Düýn – 23-nji martda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň
gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly
desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri
bilen tanyşdy.
Iş maslahatyna gaznanyň
wise-prezidenti R.Bazarow we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar
sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa gatnaşdy. Onda haýyr-sahawat
gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän
taýýarlyklar, gaznanyň işini mundan beýläk-de yzygiderli alyp barmak we mätäje
goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynyň dowamynda M.Öküzowa
Gahryman Arkadagymyzy gaznanyň döredilmeginiň üç ýyllygy bilen gutlap, häzirki
döwürde merkezde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, olaryň doly derejede
sagalmaklary ugrunda amala aşyrylýan bejergi işleriniň ýagdaýy, gaznanyň
hasabyna operasiýa edilen çagalara merkezde operasiýadan soňky geçirilýän
bejergi işleri, olaryň netijeleri barada hasabat berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy
D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda
gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyklary, Arkadag şäheriniň ilatynyň
jaý bilen üpjünçiligi ýaly möhüm meselelere garaldy.