Şu gün – 17-nji oktýabrda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Üç günlük
saparyň çäginde Gahryman Arkadagymyz «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli
maslahatyna gatnaşar we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen
duşuşyk geçirer.
Pekin şäheriniň «Şoudu» Halkara
howa menzilinde mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna aýdym-sazly çykyşlara
giň orun berlip, dabaraly ýagdaý emele geldi. Howa menzilinde Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hytaý tarapynyň resmi adamlary, şeýle-de
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Milli Liderimiziň Pekine
maşgalasy we agtyklary bilen gelmegi bolsa barha berkeýän dost-doganlyk
gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, 17-18-nji oktýabrda Pekinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty geçiriler. Bu hyzmatdaşlyk forumy ýylyň dowamynda Hytaýda geçirilýän iň möhüm diplomatik çäre bolup, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň 10 ýyllygynyň çäginde guralýar. Oňa dünýäniň 140 döwletinden, halkara guramalaryň hem 30-dan gowragyndan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we käbir beýleki wekiliýet Baştutanlary çykyş eder. Oňa Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşar.
«Bir guşak, bir ýoly» esaslandyrmak başlangyjy Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine degişlidir. Onuň taslamasy HHR-iň Lideriniň
2013-nji ýylda Gazagystana amala aşyran sapary wagtynda hödürlenildi. Ol
sebitleýin goşulyşmagy çuňlaşdyrmak, söwdany ösdürmek we ykdysady ösüşi
gowulandyrmak üçin guryýer hem-de deňiz ýollary arkaly Aziýa yklymyny Afrika we
Ýewropa bilen birleşdirmegi göz öňünde tutýan maksatnamadyr. Bu başlangyç iki
ugry — Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagyny we XXI asyryň deňiz Ýüpek ýoluny öz
içine alyp, onda infrastruktura desgalaryny ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmek
ileri tutulýar.