Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly
kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa
ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanyň Azerbaýjan
Respublikasyndaky we Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçileri, Türkmen-azerbaýjan parlamentara dostluk toparynyň
türkmen böleginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary,
agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Dabaranyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar institutyň
eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.
Dabarada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow çykyş etdi. Çykyşda
bellenilişi ýaly, bu eser diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin türki
dünýäniň ruhy hazynasyna öwrülen paýhas nusgalaryny özünde jemleýär. Şeýle
eseriň tanyşdyrylmagy onuň diňe bir edebi we ylmy ugurlarda däl, eýsem,
Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda
berk taryhy we medeni baglanyşygyň ähmiýetini hem aýdyň ýüze çykarýar. Ilçi
şeýle baý mirasy gorap saklamakda, ony geljek nesillere ýetirmekde Milli
Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň hem-de başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýete
eýedigini nygtady.
“Hakyda göwheri” atly kitabyň azerbaýjanly okyjylara
ýetirilmegi halklarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna
goşant goşar. Kitapda Altyndepe, Marguş, Beýik Seljuk, Horezmşalar
döwletleriniň ýakyn goňşulary bilen alyp baran syýasy, söwda gatnaşyklary
barada gymmatly ylmy maglumatlar berilýär. Bu çeşmeler türkmen halkynyň gadymy
döwürlerden bäri parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, özara düşünişmek,
öňüni alyş diplomatiýasynyň däplerini ýokary derejede saklap gelendigini
görkezýär diýip, diplomat çykyşynda belledi. Kitap okyjylara türkmen halkynyň
şöhratly geçmişi, ahlak gymmatlyklary, Türkmenistanda ylmyň, bilimiň,
medeniýetiň ösüşi barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Türkmen halkynyň şöhratly ösüş ýoly, ýurtda goralyp
saklanýan taryhy-medeni ýadygärlikler barada möhüm maglumatlary özünde jemleýän
eser iki bapdan ybarat bolup, onda awtoryň ylmy çemeleşmeleri we öz çuňňur
oýlanmalary beýan edilýär. Diplomat sözüni dowam edip, Azerbaýjan bilen
Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň
taryhy taýdan umumy köklere, medeniýetleriň ýakynlygyna esaslanýandygyna ünsi
çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidenti Ilham Aliýewiň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde iki doganlyk
ýurt bu gün ähli ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Çykyşlaryň dowamynda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň
tagallalary netijesinde türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hil taýdan täze
derejä çykarylýandygy barada anyk maglumatlar esasynda gürrüň edildi. Gahryman
Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň azerbaýjan diline terjime
edilmegi hem iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň
ýygjam häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Indi Milli Liderimiziň
gymmatly pikirlere baý bu eseri azerbaýjanly okyjylara hem elýeterli boldy.
Doganlyk ýurduň kitap söýüjileri bu eser arkaly halkymyzyň dünýä medeniýetine
goşan ägirt uly goşandy barada ylmy taýdan delillendirilen maglumatlar bilen öz
ene dilinde tanşyp bilerler.
Çykyşlarda “Hakyda göwheri” atly kitabyň azerbaýjan
dilinde neşir edilmegi ugrunda tagalla edenleriň ählisine tüýs ýürekden
hoşallyk sözleri beýan edildi.