milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy
06.01.2024 305 Habarlar

Düýn – 5-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy.

Habar berlişi ýaly, düýn dostlukly döwletiň paýtagtynda Gahryman Arkadagymyzyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri beýan edildi.

Türkmenistanyň we BAE-niň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda nusgalyk döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga çalyşmagy netijesinde gazanylan aýry-aýry ylalaşyklar şu saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň esasyny düzdi.

Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda amala aşyran şu gezekki iş sapary Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Geçirilen duşuşyklaryň barşynda birnäçe ugurlardaky däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipler beýan edildi we degişli ylalaşyklar gazanyldy.