Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke
atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä
çempionatynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly
kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Munuň özi
Ýewropa yklymynda türkmen bedewleriniň şanyna guralýan giň gerimli çäreleriň
ähmiýetini has-da artdyrdy.
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy ahalteke atlarynyň
dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek,
parahatçylyk we dostluk taglymlaryny ilerletmek hem-de halkara jemgyýetçiligiň
halkymyzyň medeni mirasy, ýurdumyzyň häzirki durmuş-ykdysady gazananlary bilen
tanyşdyrylmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şu ýylyň başynda hormatly
Prezidentimiziň halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna
deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň
dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki
halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady
bilen, degişli resminama gol çekmegi şanly ýylda behişdi bedewlerimiziň
şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ägirt uly goşant boldy.
...Niderlandlar Patyşalygynyň Wenraý şäherinde
geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyň we Ýewropanyň ylmy
jemgyýetçilikleriniň, atçylyk pudaklarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleriniň
şan-şöhratyny we abraýyny tutuş dünýäde belende galdyrmak boýunça başlangyçlary
häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda Gahryman Arkadagymyzyň
behişdi bedewlerimize bagyşlanan bu ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň
Niderlandlar Patyşalygynda geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly,
Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerine
bagyşlap birnäçe eserleri döretdi. Bu kitaplarda ahalteke bedewlerini
ýetişdirmegiň we seýislemegiň nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däpleri
barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we
ykbaly bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen,
pederlerimiziň atşynaslyk sungatyny ösdürmek we dünýäde giňden wagyz etmek
ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu
asylly başlangyç häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda Niderlandlar
Patyşalygynda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çäreler munuň nobatdaky güwäsidir.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da
bar, sapa-da» atly kitaby bedewiň türkmen taryhynda we durmuşynda eýeleýän orny
barada gymmatly ylmy maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň 2019-njy
ýylda okyjylara gowşan bu kitaby atşynaslyk boýunça iş alyp barýan hünärmenler
üçin gymmatly gollanmadyr.
Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize
bagyşlanan bu ajaýyp eseriniň niderland dilinde neşir edilmegi döwletara
gatnaşyklaryň, şol sanda atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze
itergi berer. Munuň özi ýurdumyzyň atşynaslarynyň öňünde atşynaslyk pudagyny we
atly sporty ösdürmek, olaryň ylmy esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda, innowasiýalary
ornaşdyrmak, halkara derejede hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak boýunça
täze wezipeleri goýýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da»
atly kitaby 8 bölümden ybarat bolup, onda ahalteke atlarynyň gaýtalanmajak
aýratynlyklary barada ylmy, taryhy, edebi maglumatlar, milli seýisçiligiň
usullary beýan edilip, halkymyzyň milli mirasy bilen aýrylmaz arabaglanyşygynyň
filosofiýasy açylyp görkezilýär.
Dabarada çykyş eden daşary ýurtlaryň wekilleri
Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda ýazan eserleriniň behişdi bedewlerimiziň
şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanmalar bolup durýandygyny aýratyn
nygtadylar. Bu kitaplarda ahalteke bedewleriniň şöhratly taryhyna, şu günki
günde döwlet derejesinde edilýän aladalara, türkmen bedewleriniň häsiýetli
aýratynlyklaryna degişli gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň
niderland dilinde neşir edilmegi ýurduň ähli okyjylary, şol sanda atçylyk
pudagynda iş alyp barýan hünärmenler üçin ajaýyp sowgat boldy. Eser diňe
adamlaryň atlar baradaky bilimlerini ösdürmän, atçylyk medeniýetini artdyrmakda
hem uly ähmiýete eýedir. Kitaby okamak bilen, atyň diňe bir jandar däl-de, onuň
adamyň müňýyllyklara uzaýan dostudygyna, kyn we şatlykly günde wepaly ýoldaşydygyna
aýdyň göz ýetirýärsiň. Ata nähili hormat bilen çemeleşilýändigi, onuň
durmuşdaky üstünlikleriň, döredijiligiň açarydygy kitapda gündelik durmuşdaky
wakalar bilen täsirli beýan edilýär. Kitapda atçylyk babatda milli
däp-dessurlar, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan
çäreler baradaky maglumatlar okyjylara halkymyzyň baý milli mirasy bilen
ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Atçylyk pudagynyň abraýly halkara düzümleriniň,
ylym-bilim edaralarynyň wekilleri Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň
arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilendigi
üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler. Çempionatyň sport, medeni we ylmy
häsiýetli giň gerimli çäreleri dünýäniň dürli künjeginden behişdi bedewleriň
hakyky muşdaklaryny bir ýere jemlemäge şert döretdi. Munuň özi atçylyk
pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygyň ilçisi hökmünde çykyş
edýän ahalteke atlaryny adamzadyň gözellik, dostluk ýaly garaýyşlarynyň has-da
baýlaşdyrylmagynyň bähbidine ulanmakda halkara gatnaşyklary
ynsanperwerleşdirmek üçin täze tapgyry açýar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar atşynaslyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyklaryny beýan etdiler.