Habar berşimiz
ýaly, 1-2-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş
saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz üçünji Antalýa
diplomatiýa forumyna gatnaşdy.
Ählumumy
parahatçylygyň, abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň
mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjek bu duşuşykda Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşyny etdi.
Milli Liderimiz öz çykyşynda: «Umuman, ykdysadyýetiň we durnukly ösüşiň
binýatlyk nusgasyny döretmek boýunça bilelikdäki işlerimiz barada aýdylanda,
Türkmenistan ony şu esasy ugurlary hökman öz içine alýan geçiş döwri diýip
kesgitleýär:
– döwletleriň
ylmy-tehniki ösüşiniň, sanlylaşdyrmagyň we innowasion standartlarynyň
derejesini deňleşdirmeli;
– ykdysadyýetde,
söwdada, ulagda, senagatda, çig maly çykarmakda we gaýtadan işlemekde hem-de
beýleki ugurlarda ekologik ölçegler hökman ileri tutulmaly;
– ilatyň ekologiýa
babatda sowatlylygyny, bilimini, habarlylygyny artdyrmaly;
– adamlar,
aýratyn-da, ýaşlar üçin ykdysady işjeňlik, durmuşa höweslilik, toparlaýyn
başlangyçlar, döredijilik, täzeçil garaýyşlar üçin şertleri döretmeli;
– dürli pudaklarda halkara derejede bilimdir tejribe alşylmagyna ulgamlaýyn we hemişelik esasda üns bermeli, ylmy hem-de ýaşlar diplomatiýalaryny höweslendirmeli» diýip, örän jaýdar belledi.
Foruma gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini we örän wajypdygyny nygtadylar.