Täjigistan
Respublikasynyň Duşenbe şäherinde resmi saparda bolan türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam
Emomali bilen duşuşdy. Onda parlament ugurly türkmen-täjik gatnaşyklaryny
ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy. Duşuşyga iki ýurduň wekiliýet
agzalary hem gatnaşdylar.
Täjigistan
Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy
mähirli mübärekläp, Täjigistanyň döredijilikli daşary syýasy ugry hem-de
netijeli ykdysady strategiýany durmuşa geçirýän doganlyk Türkmenistan bilen
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Öz nobatynda,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Oli Majlisiň Milli Majlisiniň
Başlygyna mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda
bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Täjigistanyň kanun çykaryjy edaralary iki
döwletiň arasyndaky toplumlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm bölegi bolup
durýar. Soňky ýyllarda iki ýurduň parlamentleriniň bilelikdäki tagallalary
esasynda durnukly parlamentara dialog ýola goýuldy, pikir alyşmalaryň netijeli
gurallary işläp başlady. Söhbetdeşler şunda iki döwletde döredilen parlament
dostluk toparlarynyň uly ornuna ünsi çekip, olaryň işine ýokary baha berdiler
hem-de bu düzümleriň doganlyk halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň netijeli
guraly bolup durýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz
Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomalä
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşýandygy we uly şahsy goşandy
üçin minnetdarlyk bildirdi.