Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde 30 müň inedördül metr meýdanda geçirilen «Russia Halal EXPO» maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisi bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň bu
wekilçilikli sergä gatnaşmagy Russiýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary
ösdürmäge, dünýäniň halal önümler bazarynda Türkmenistanyň ornuny
pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary çekmäge ýardam berer.
Türkmen halkynyň
Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany iri rus kompaniýalarynyň
bu ýerde görkezilen özboluşly taslamalary, döwrebap tehnologiýalary, senagat,
raýat, ýol, ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin enjamlar, gurluşyk serişdeleri,
ýolgurluşyk tehnikalary bilen tanyşdylar. Halkara kompaniýalar, döwlet
korporasiýalary, iri banklar we maliýe edaralary hem bu ýerde öz diwarlyklaryny
ýerleşdiripdirler. Munuň özi sergini diňe bir tehnologiýanyň gazananlaryny
görkezmek üçin däl-de, eýsem, maýa goýum mümkinçilikleri ara alyp
maslahatlaşmak, halkara işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin hem netijeli
meýdança öwürýär.
Gahryman
Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň milli
pawilýony bilen tanşyp, onuň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler hem-de
Russiýa we yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmek, diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny
bellediler. Pawilýon ýurdumyzyň ähli pudaklarda, şol sanda hususy pudakda
gazanýan üstünlikleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin
hyzmatdaşlygy alyp barmak, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bar
bolan kuwwaty hem-de mümkinçilikleri barada düşünje berýär.