Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün
irden Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň
açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Günüň
ikinji ýarymynda bolsa forumyň çäginde özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli
maslahat öz işine başlady. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz hem çykyş etdi.
Hytaýyň Milli maslahatlar
merkezinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din
Sýuesýanyň alyp barmagynda geçirilýän maslahatda käbir wekiliýet
Baştutanlarynyň çykyşlary göz öňünde tutuldy. Milli Liderimiz özara baglanyşyk
boýunça forumda ilkinji bolup çykyş edip, bu çäräniň geçirilmeginiň örän möhüm
we talap edilýän waka hasaplanýandygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow soňky döwrüň pandemiýa, durnuksyzlygyň ýokarlanmagy, ynamyň pese
gaçmagy, wakalaryň öňünden habar berilmezligi ýaly hakykatlarynyň ählumumy
ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirendigini, özara baglanyşyk bilen
dahylly meseleleri döredendigini, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalaryňdyr
maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini peseldendigini belledi.
Bu ýaramaz täsirleri ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň
tagallarynyň birleşdirilmegi, ak ýürekli erke, jogapkärçilige, öňdengörüjilige
esaslanýan döredijilikli we netijeli gün tertibini kesgitlemekde olaryň
raýdaşlygy zerurdyr.
«Şu nukdaýnazardan, türkmen
tarapynyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy öz mazmuny boýunça
Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geoykdysady landşaftynyň geljegi babatdaky
garaýyşlaryna jogap berýär, şeýle-de ol Hytaýyň deňhukuklylygyň, hyzmatdaşlaryň
gyzyklanmalaryny hasaba almagyň, özara bähbitliligiň, medeniýetleriňdir ruhy
gymmatlyklaryň köpdürlüligini hormatlamagyň esasy ýörelgeler bolup çykyş edýän
«Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýär» diýmek bilen, hormatly
Arkadagymyz şunda hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmazlygynyň,
diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de halkara derejede giňden gatnaşylmagy üçin
energetika we ulag akymlarynyň birtaraplylygyndan daşlaşmagyň türkmen tarapynyň
çemeleşmesinde möhüm düzüm bölekleri bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Şular barada aýdyp, Milli Liderimiz energetika, ulag, ekologiýa ýaly wajyp ugurlarda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlar bilen alyp barýan işleridir taslamalary barada durup geçdi. Şunda ykdysadyýetde özara baglanyşyk, tehnologiýalaryň, tejribelerdir başarnyklaryň, usullaryň halkara derejede alşylmagy hem dünýä ösüşiniň obýektiw meýilleri hökmünde görkezildi. Nygtalyşy ýaly, olar önümçilikde has ýakyn kooperasiýany, integrirlenen tehnologik we sanly gurluşlary, bilelikdäki aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz «syýasy logistika» düşünjesiniň zerurdygyna ünsi çekdi.