Ozal habar berşimiz
ýaly, Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna
laýyklykda, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly işleriň çäklerinde
harby howa menziliniň işi, bu ýerde bar bolan uçarlaryň we dikuçarlaryň tehniki
aýratynlyklary, harby uçarmanlaryň gulluk hem-de durmuş şertleri bilen
gyzyklandy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, aýratyn-da, harby tehnikalaryň aýawly saklanmagyny, harby uçarlaryň uçuş-gonuş zolagynyň bellenilen kada laýyk bolmagyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.
Şunda şahsy düzümiň hünär derejesini, nazaryýet, jemgyýetçilik-syýasy we beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli üns merkezinde saklanmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi.