Düýn – 14-nji maýda
Gahryman Arkadagymyz beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.
Türkmen halkynyň
Milli Lideri medeniýet, sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlary
boýunça ýakyn işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda Neda Bergeriň alyp barýan
işlerine ýokary baha bermek bilen, ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, dostluk
we hyzmatdaşlyk köprülerini berkitmek ugrunda tagallalary üçin tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana şu gezekki saparyň
hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine
ynam bildirildi.
Mälim bolşy ýaly,
Türkmen-awstriýa jemgyýeti Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol wagt
Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Awstriýa amala aşyran ilkinji resmi
saparynyň hormatyna 16 ýyl mundan ozal döredilipdi. Geçen ýyllaryň dowamynda
hormatly Arkadagymyzyň goldawy bilen «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki
orkestri döredildi, Türkmenistanda Wena ballary geçirildi.
Duşuşygyň barşynda
ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajyp
ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.