Düýn – 22-nji
fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji
ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny»
üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy
meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy
ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli
işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak
bilen bagly meseleler girizildi.
Mejlise Halk
Maslahatynyň Prezidiumynyň we Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy
partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, habar beriş serişdeleriniň
wekilleri, beýleki çagyrylanlar gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi. Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, kanunçylygyň dürli ugurlaryna degişli teklipleri öwrenmek maksady bilen, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň jogapkär wekilleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň we Mejlisiň komitetleriniň göçme maslahatlaryny geçirmek zerurdyr diýip nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy.