Düýn – 12-nji martda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy
Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň
jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky
gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Binali Ýyldyrym Aksakgallar geňeşiniň mejlisine
gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza forumyň
ýokary guramaçylyk derejesi hem-de ata-babalarynyň Watany bolan Türkmenistanda
mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň paýtagtynda Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çäreler maksatnamasynyň üstüni ýetirip, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrjakdygyna, forumyň türki döwletleriň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda myhman Milli Liderimize mejlisiň ýokary derejede geçirilendigi hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň öňünde durýan wezipeleri bilelikde üstünlikli çözmekde ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.