Düýn –
27-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň
medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat
bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan
edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň esasylarynyň biri boldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata meşhur
taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli
professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, şol sanda Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň,
Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň,
Özbegistanyň we beýleki döwletleriň muzeýleriniň wekilleri çagyryldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Änew
medeniýetiniň oturymly ekerançylyk bilen meşgullanan ilaty – gadymy
ata-babalarymyz adamzat taryhynda däneli ekinleri ýetişdiren we bugdaý unundan
çörek taýýarlan ilkinji halklaryň biri bolupdyr.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra,
maslahatyň işi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Änew
medeniýetini öwrenmek hem-de dünýä wagyz etmek», «Änewiň gadymy we orta asyrlar
medeniýeti» atly iki bölümde dowam etdi.
Ýygnananlar dabaralaryň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilendigi, şeýle hem türki döwletleriň köpugurly
hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmaga, milli
gymmatlyklary, umumy medeni däp-dessurlary, ruhy-ahlak gymmatlyklary wagyz
etmäge gönükdirilen giň möçberli işleri üçin hormatly Prezidentimize we
Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.