Düýn – 26-njy aprelde Türkmenabat
şäherinde «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul
galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly
maslahat geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen
bu çäre Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli
topary we Lebap welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy.
Ilkinji gezek geçirilýän halkara
ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen,
strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala dünýäniň ylmy
jemgyýetçiliginiň, taryhçylaryň, arheologlaryň ünsüni çekmekden, gazuw-agtaryş
we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden, medeni
diplomatiýany ösdürmekden, ony halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybaratdyr.
Maslahata gatnaşyjylar
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň halkara ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygy
ösdürmäge gönükdirilen köp sanly taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna
gatnaşmak arkaly özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezendigini nygtadylar.
Çykyşlarda Türkmenistanda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan
taryhy-medeni, tebigy gymmatlyklary geljek nesiller üçin gorap saklamak boýunça
giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň
syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa
gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.