24-nji iýunda Farap etrabynyň Farap şäherinde «Çagalar dünýäsi» çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Täze toplumyň döwrebap meýdançasynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Joşgunly aýdym-sazlaryň owazlary belentden ýaňlandy. Bu ýerde guralan dabaranyň dowamynda bagtyýar çagalar özleri babatdaky hemmetaraplaýyn aladalary üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
1,5 gektar meýdany bolan toplumda ösüp gelýän ýaş nesilleriň doly derejeli dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. «Çagalar dünýäsi» toplumyny Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Jemşidiň jamy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler.
Bu toplumyň binagärlik keşbi özboluşly görnüşe eýedir. Mälim bolşy ýaly, uly adamlar we çagalar işjeň dynç alşa, sport bilen meşgullanmaga endiklerini ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Şeýlelikde, bu ýerde boş wagtyňy gyzykly hem-de peýdaly geçirmek üçin ähli zerur mümkinçilikler bar. Merkeziň çäginde attraksionlaryň 11-si, oýun enjamlary zaly, 46 orunlyk çaýhana we iki söwda dükany bar. Belent baglaryň saýasynda goýlan amatly oturgyçlar bu ýere gelýänleriň oňaýly dynç alşyny üpjün edýär. Toplumy döwrebap derejede enjamlaşdyrmak işi dowam edýär. Ýakyn wagtda bu ýerde dürli görnüşli hiňňildikler, awtodrom we beýleki ugurdaş desgalar gurlar.