Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günorta böleginde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň
ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy
türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrüldi.
Türkmen halkynyň beýik ogly,
Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeli tebigy belentlikde
gurlup, ýadygärligiň beýikligi 60 metr bolup durýar. Şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan ganatly
setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.
Medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny bellemek gerek. Häzirki zaman yşyklandyryş enjamlary we lazer şöhleleri arkaly Magtymguly Pyragynyň heýkeli ýagtylandyrylýar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabyndan beýik söz ussady baradaky: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýen setirler baýyrlaryň ýüzünde şöhlelendirildi.
Bu toplum üç asyr geçse-de,
döredijiligine tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň
şöhratly oglunyň zehinine belent hormatyň hem-de söýginiň beýanydyr.