14-nji aprelde paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar
sadakasyny berdiler.
Milletiň käbesi Ogulabat eje hem, Watanyň wepaly
ogly Mälikguly aga ýaly, külli musulman dünýäsinde aýlaryň serweri
hasaplanylýan mübärek Remezan aýynda bakyýete göç etdi. Goý, onuň jaýy jennet
bolsun!
...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň
Başlygy hem-de hormatly Prezidentimiz metjide geldiler. Bu ýerde Türkmenistanyň
müftüsi Beýik Biribardan doga-dileg edýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz
sadakanyň berilýän jaýyna barýarlar.
Nahar çekilmezden öň, türkmen halkynyň Milli Lideri
ýygnananlara ýüzlendi.
Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi Gahryman
Arkadagymyzyň mähriban ejesi we Arkadagly Serdarymyzyň eziz enesi, Watanymyzyň
wepaly zenany Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagyny dileg edip, aýat-töwir
okady.