milli goshun logo
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
09.08.2021 858 Habarlar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 115-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, gyzdyrylan nebit koksuny, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli mazuty satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurtly işewürler «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, ECO-93 kysymly awtobenzini, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine nah ýüplük, jinsi matalary, haly önümleri, float aýna, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 109 million 678 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we Owganystanyň işewürleri nah ýüplügi we haly önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 3 million 604 müň manatdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 1 million 209 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.