milli goshun logo
Duşanbe şäherinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Duşanbe şäherinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
14.01.2024 847 Habarlar

Anna güni – 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «tegelek stol» maslahaty geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda, onuň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny, kitabyň diňe ösüp gelýän ýaşlar üçin ýankitaba öwrülmän, eýsem ähli türkmen raýatlary üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolandygy barada nygtaldy.

          Duşuşykda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda milli hem-de halkara derejesinde akyldar şahyra bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir-alyşmalar geçirildi.