El telefonlarynyň
we beýleki elektron enjamlarynyň surata düşürip bilmegi köp wagtdan
bäri fotoenjam öndürýän kompaniýalaryň täzeçillik tapmaklaryna
itergi beripdi. Bu ugurda öňdeligi eýeleýän kompaniýalaryň biri «Canon» golaýda durulygy 120 megapiksel
bolan enjamy tanyşdyrdy. Ol surata düşürmäge däl-de, kamera hökmünde
ulanmaga niýetlenipdir. 2015-nji ýyldan bäri işlenip taýýarlanýan
enjam 29,2mm x 20,2mm ölçeginde bolup, onuň güýçli sensorlary uzak aralykdan
dury surat almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem kamera giň aralygy
jikme-jik wideo ýazgy edip bilýär. Mysal üçin, sport bäsleşiklerinde
stadionda oturan mähelläni ýa-da futbolçylary ýokary durulykda
wideo ýazga alyp bolýar. 120MXS atly enjamyň durulygy «Full HD»-niň 60 essesine barabar. Bu sensoryň fotoenjama ýa-da
kamera haçan oturdyljakdygy we satuwa çykaryljakdygy mälim edilmedi.
4K ýaýlymyň giňden ýaýrap, 8K ýaýlyma geçilmek babatda gürrüňiň gozgalýan
şu döwründe «Canon» bu ugurda örän öňdedigini ýene bir gezek subut etdi.
Çeşme:
Zaman-Türkmenistan