milli goshun logo
Dünýäde ykrar edilýär türkmen milli alabaýy
Dünýäde ykrar edilýär türkmen milli alabaýy
21.01.2024 185 Habarlar

Ozal habar berşimiz ýaly, 20-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna baryp, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz oňa gatnaşyjylara Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi. 2024-nji ýylyň 15 – 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda ýeňiji bolan itleriň sylaglanyş dabarasynyň geçirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýeňijileriň arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanandygyny aýtdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2021-nji ýylda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowa türkmen alabaýynyň 2024-nji ýylyň 15 – 17-nji ýanwary aralygynda geçirilen bäsleşiklerde mynasyp bolan güwänamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.