Düýn paýtagtymyzyň “Çandybil” söwda merkezinde Importuň
ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady, ol
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän sergi importuň ornuny
tutýan bölümler babatda ýurdumyzyň bazarynyň üstünlikleri we mümkinçilikleri,
şeýle hem senagat enjamlaryny öndürýän, türkmen hyzmatdaşlary bilen
uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly önüm
öndürijileriň öňdebaryjy tejribesi we innowasion işleri bilen tanyşdyrmaga
gönükdirilendir.
Şeýle çäreler dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň
biziň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak we berkitmek
mümkinçilikleri bilen özüne çekýär. häzir ýurdumyz hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän özgertmeleri netijesinde köp pudaklarda,
şol sanda gaýtadan işleýän senagatda uly ösüşlere eýe bolýar.
Döwlet-hususy hyzmatdaşlyga Türkmenistanyň önümçilik
kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň ösüşiň innowasion ýoluna düşmeginde,
senagatyň täze ugurlaryny höweslendirmegiň hasabyna pudagy ösdürmekde möhüm
orun berilýär. Ýurdumyzyň haryt öndürijilerine ýardam etmek boýunça geçirýän
syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ýerlerde importuň
ornuny tutýan harytlary, gurluşyk serişdelerini, dokma, mineral önümleri,
durmuşda ulanylýan himiýa önümlerini, mebelleri, azyk önümlerini çykarýan
kärhanalar açylýar.
Ýurdumyzda geçirilýän köp sanly ykdysady sergiler, daşary
ýurtlarda guralýan türkmen sergileri halkara hil we ekologiýa howpsuzlygy
güwänama eýe bolan önümleriň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýar.
“Türkmenistanda öndürildi” diýen belgili önümler tutuş dünýäde tanalýan milli
nyşana öwrülýär.
Sergide öz önümlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem görkezýärler, ýakynda birleşmäniň
wekiliýeti Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara
türkmen-müsür toparynyň ikinji mejlisine hem-de onuň çäklerinde ilkinji gezek guralan
işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Kairde boldy. Serginiň çäklerinde TDH-nyň
habarçysyna beren gürrüňinde TSTB-niň wekili milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça dostlukly ýurtdan bolan kärdeşleri bilen
geçirilen gepleşiklerde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň ara
alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de ýurdumyzyň “Nurly Meýdan” kärhanasy bilen
“One World” müsür kompaniýasynyň arasynda Özara gatnaşyklar hakynda ähtnama gol
çekilendigini belledi.
Sergi ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň üstünliklerini aýdyň
görkezýär, şeýle hem myhmanlary dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlary
bilen tanyşdyrýar. Olar importuň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly ýokary
hilli ýokary hilli önümleri öndürmek babatda mümkinçilikleri artdyrmak üçin
tehnologik täzeliklerini teklip etmäge taýýardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän
giň gerimli özgertmeleri, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň we
ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ykdysadyýetiň gülläp ösmegine getirdi. Hut milli
Liderimiziň öňdengörüjiligi netijesinde ýurdumyzyň içeri we daşary söwdasynyň
uly mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagy degişli düzümleriň — ulag, maliýe,
telekommunikasiýalar, syýahatçylyk we beýleki düzümleriň ösmegine, şeýle hem
ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam
etdi.
Serginiň agramly bölegi ýurdumyzyň işewürligini ösdürmegiň
ileri tutulýan ugurlarynyň birine — önümçilige tehnologiki täzelikleri
ornaşdyrmagyň esasynda importuň ornuny tutýan senagat we oba hojalyk
kärhanalaryny döretmäge bagyşlandy. Ekologiýa taýdan arassa ýerli çig malyň
esasynda çaga iýmitiniň, gök we miwe goşundylarynyň, şireli suwlaryň,
maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, balyk önümleriniň, ýogurtlaryň,
şöhladlaryň, dürli süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Sergi diwarlyklarynda oba hojalyk meýdanlarynda hem-de milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan obasenagat toplumynda importuň
ornuny tutýan syýasatyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenen, sany ýylsaýyn artýan
ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilen gök, bakja önümlerini, miweleri görmek
bolýar.
Sergä gelýänler türkmen dokma önümlerinden we ýüpek
halylaryndan taýýarlanan ajaýyp sowgatlyklary bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe
boldular. Bu ýerde ýurdumyzda öndürilýän polipropileniň esasynda çykarylýan
plastikden hojalyk harytlarynyň we çaga oýnawaçlarynyň dürli görnüşlerini
görmek bolýar.
Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylar çalt ösýän türkmen
bazarynyň isleglerini nazara almak bilen, taýýar önümleri gaplamak boýunça
tekliplerini taýýarladylar, şeýle hem paketleriň, şol sanda dürli önümler üçin
niýetlenen plastik gaplary öndürýän enjamlaryň nusgalaryny görkezdiler.
Importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara
sergisi ýurdumyzyň senagatynyň, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini çekmekde biziň
bazarymyzyň uly mümkinçiliklerini görkezmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli
ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde
kesgitlenildi.
Serginiň çäklerinde resminamalara gol çekildi. Hususan-da,
ösümlik ýagyny öndürýän zawodlaryň gurluşygyna gatnaşýan “Gündogar Akymy”
hojalyk jemgyýeti bilen «Syngenta Agro AG» şweýsar kompaniýasynyň arasynda
Türkmenistanda ösdürmek üçin günebakaryň tohumlaryny getirmek hakynda şertnama
baglaşyldy. Şeýle hem «Agzybir Ojak» hojalyk jemgyýeti bilen «ERENSOY Gida Ve
Ambalaj Makinlari San. Ve Tic. Ltd. Şti» we «EKTAM Makine San. Ýe Tic. A.S.»
türk kompaniýalarynyň arasynda çüýşe önümçiliginde ulanyljak enjamlary satyn
almak we gurnamak, rafinirlenen ýagy awtomat usulda gaplamak enjamlaryny satyn
almak we gurnamak boýunça şertnamalar baglaşyldy.
Şeýle hem serginiň çäklerinde duşuşyklar geçirlip, olaryň
barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, haryt öndürijileriň
arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, daşary ýurt kompaniýalarynyň
gatnaşmagynda bilelikdäki kärhanalary döretmek bilen bagly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Pudaklaýyn sergi öz işini 6-njy dekabrda tamamlar.