milli goshun logo
Döwrebap gemodializ enjamy sowgat berildi
Döwrebap gemodializ enjamy sowgat berildi
09.05.2024 352 Habarlar

Düýn – 8-nji maýda Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi halkyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»  diýen ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar.

Şeýle şatlykly waka mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylar, şol sanda çagalar we olaryň ene-atalary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmekleri, saglyklaryny berkitmekleri ugrunda döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.