1-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl
mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän
çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar
gowşuryldy.
Ýaş zehinli çagalar şu günki dabarada çykyş edip,
öz döredijilik başarnyklaryny görkezdiler. Bezelen arçanyň ýanynda çagalar
joşgun hem ylham bilen goşgy okadylar, tans etdiler, eziz Watanymyzy, döwlet
Baştutanymyzyň beýik işlerini wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl baýramçylygyna
bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler. Konsertiň ahyrynda ýaş zehinler
Aýazbaba we Garpamyk, şeýle hem türkmen halk döredijiliginiň, dünýä halklarynyň
ertekileriniň gahrymanlary bilen bilelikde çykyş etdiler.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler döwlet
Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza bagtyýar çagalyk, edilýän yzygiderli
alada üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de Täze ýyl
baýramçylygy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.