Düýn – 1-nji
ýanwarda Döwletliler köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen zalynda Täze ýyl
mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän
çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Döwletliler köşgünde
terbiýelenýän çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlamak üçin bu ýere
Aýazbaba we Garpamyk gelipdirler. Çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşmaga
Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem geldiler.
Ýaş zehinli çagalar dabara
gatnaşýan myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy boýunça çykyş edip, öz döredijilik
başarnyklaryny görkezdiler. Bezelen arçanyň ýanynda çagalar goşgy okadylar,
joşgunly tanslary, eziz Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman
Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl
baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň ahyrynda
Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler döwlet Baştutanymyza we Gahryman
Arkadagymyza bagtyýar çagalyk, şeýle hem özleri barada edilýän yzygiderli alada
üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Täze ýyl mynasybetli iň gowy
arzuwlaryny, gutlaglaryny aýtdylar.