1-nji iýunda
ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli
paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň
dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan we
ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan sowgatlar gowşuryldy.
Çagalar uly
şatlyk we ruhubelentlik bilen myhmanlary garşy aldylar. Olar myhmanlar üçin
aýdym-sazly çykyşlary taýýarladylar. Şeýle-de bu ýerde çagalaryň çeperçilik
işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Döwletliler
köşgünde terbiýelenýän çagalar milli medeni mirasymyzdan ylham alyp,
täzeçillikler üçin hemişe açykdyklaryny aýdyňlygy bilen görkezdiler. Dabara
ýurdumyzyň estrada artistleriniň we sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam
etdi. Baýramçylyk mynasybetli dabara gatnaşyjylara süýjülik torty paýlandy.
Çagalary
goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk
çäreleri guraldy. Munuň özi Türkmenistanyň umumadamzat gymmatlyklaryna we
türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak däplerine esaslanýan döwlet
syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.