Düýn – 1-nji martda
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler
zalynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş
maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki
tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümleri, serkerdelerdir harby gullukçylar,
esgerler, harby talyplar hem-de okuwçylar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş eden ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Milli Liderimiziň 2024-nji ýylda ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim we medeni taýdan ösdürmek bilen bagly örän möhüm wezipeleri öňde goýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Täze taryhy eýýamda eziz Diýarymyzyň eşretli şu gününi hem-de aýdyň geljegini dabaralandyrmakda öňde goýlan şeýle wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda wajyp bolup durýandygyny bellediler.
Döwletli işleriň dabaralanmasyna öwrülen maslahatda buýsançly aýdym-sazlara hem orun berildi. Maslahatyň ahyrynda gaýratly ýurt goragçylarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.