Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet sirkinde
Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylary we olaryň maşgala agzalary üçin aýdym-sazly
baýramçylyk dabarasy guraldy. Täsirli tomaşalar Watan goragçylary üçin
Täze ýylyň bosagasynda ajaýyp sowgat boldy.
Döwlet
sirkiniň bosagasyndan gireniňden, eýýäm Täze ýylyň jadylaýjy alamatlary
baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Sirkiň manežinde gülküli
sahnalar we aýdym-sazlar bilen zehinli artistlerdir sazandalar çykyş edip,
tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyrdylar.
Harby
gullukçylaryň lybaslaryny geýip, Watanymyzy, Täze ýyl baýramyny wasp edýän
aýdymlary we goşgulary ýerine ýetiren körpejelerimiziň çykyşlary bolsa has-da
özüne çekiji boldy. Dabaranyň jemleýji pursatlarynda harby gullukçylaryň
çagalaryna Aýazbabanyň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Täze ýyl sowgatlary
çagalaryň göwün guşlaryny ganatlandyrdy.
«Milli goşun».