13-nji martda
geçirilen hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň
gurluşygy hakyndaky» Karara gol çekdi.
Wise-premýer Ş.Durdylyýewiň
belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Gurluşyk we
binagärlik ministrligi tarapyndan Görogly köçesiniň ugrunda bu akademiýanyň
täze desgasynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak boýunça halkara bäsleşigi
geçirildi. Onuň jemleri boýunça «Baýly-Gurluşyk» hususy kärhanasynyň beren
teklibi saýlanyp alyndy.
Desganyň gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we binalar toplumyny 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.