Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlaryň bitirýän
uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp
ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban
enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam
etdirmek hem-de «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna
pul sowgatlaryny bermek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji
fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine
garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän aýal-gyzlara,
pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti
bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan
aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji
aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli
çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzlara 2023-nji ýylyň 1 — 6-njy marty
aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni
mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda
gowşurmak bellenildi.