1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan
wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine
ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe bu guramanyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we
birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Mekan»
köşgüne gelmegi şatlykly waka öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň gurultaýyň işine
gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet
berilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Şeýlelikde, nobatdaky gurultaý türkmen ýaşlarynyň döwlet
Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň
bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň bähbidine onuň köptaraply mümkinçiliklerini
durmuşa geçirmäge höwesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.