Şu günler ata Watanymyzyň ähli künjeginde Türkmen
bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň gerimi barha giňeýär. Bu şanly
sene her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda döwlet derejesinde
giňden bellenilýär. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu baýrama
gabatlanyp, 29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk
toplumynyň açylyşy, şeýle hem «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara
gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň
ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Bu ýerde ýygnananlaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň toý bagyny kesmegi
bilen, dabara tolgundyryjy pursatlara beslendi. Hormatly Prezidentimiz täze
atçylyk toplumynyň açylmagyna ak pata berýär. Harby gullukçylar ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk
baradaky arzuwlaryny beýan edýärler.
Soňra täze atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli çapuw
ýodalarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň halypa
çapyksuwarlarynyň arasynda ýaryşlar geçirildi.
Soňra dabarany alypbaryjy «Ýylyň iň owadan ahalteke
bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň başlanandygyny
yglan edýär. Bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan iň gowy ahalteke
bedewleriniň 10-sy syn ediş meýdançasyna çykarylýar.
«2023-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýlip
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, şöhratly
Gyrsakaryň nesil ugrundan we Garaşsyz hem-de Sülgün atly bedewleriň nesli
bolan, 2015-nji ýylda doglan ajaýyp Goşasakar atly bedew ykrar edildi. Onuň
seýsine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — «Toyota
Fortuner SR-5» kysymly awtoulagyň açary, göçme kubok we diplom dabaraly
ýagdaýda gowşuryldy.
Soňra şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde,
neşir önümlerinde, fotosuratlarda hem-de teleýaýlymlarda türkmen bedewiniň
keşbini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň,
zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň,
teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan
edildi. Bu bäsleşigiň baş maksady ajaýyp we akylly bedewiň türkmen halkynyň
durmuşynda eýeleýän ornuny açyp görkezmekden ybaratdyr.