Düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz
han» köşkler toplumynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowy «Arkadag» medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara
Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we
hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow bu ýokary sylaga ýurdumyzda halkymyzyň kanuny bähbitlerini
goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn
hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga
gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny
durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda
ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen,
haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin mynasyp
boldy.
Döwlet Baştutanymyz özüne
Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi. Men bu sylagy milli däplerimiz esasynda alyp barýan
sahawatly işlerimize berlen baha hasap edýärin. Gahryman Arkadagymyzyň
tagallasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwer işleri alyp barýar.
Ýurdumyzda hemaýata mätäçler üçin ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Döwletimiz we
Hökümetimiz haýyr-sahawat gaznasy bilen bu asylly işleri geljekde-de dowam
etdirer diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.
Şeýlelikde, täze taryhy eýýamda
türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Döwlet
Baştutanymyza Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy hem bu
hakykatyň ykrar edilmesidir.