3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä
welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.
Bu çäre paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesini
özünde jemledi.
...Ir bilen çärä gatnaşyjylaryň müňlerçesi welosipedlerde
Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygyna ýygnandylar. Bu ýerde
Aşgabadyň binagärlik keşbine bezeg berýän «Welosiped» binasy ýerleşýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli
ýörişe badalga berip, hataryň öňüni çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol ugruna bu künjekleriň gözelligini
synlady. Tomus säheriniň tämiz howasy, gök begrese bürenen Köpetdagyň
etekleriniň haýran galdyryjy görnüşleri ruhubelentlik eçilip, unudylmajak
täsirleri bagyşlaýar.
Ýurdumyzda
ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, bag nahallarynyň dürli
görnüşleri ekilip, tokaý zolaklary döredilýär. Bu bolsa daşky gurşawa oňyn
täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramagyň we oňa aýawly
garamagyň döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda
öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn
çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de wise-premýer A.Ýazmyradowa birnäçe
degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gözel
paýtagtymyzyň seýilgählerini hem-de seýil baglaryny kadaly ýagdaýda saklamak,
şäherde ekologik abadançylygy üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde
saklamalydygyny belledi we bu babatda wise-premýer B.Annamämmedowa degişli
tabşyryklary berdi.
Bütindünýä welosiped güni beýleki ýurtlarda-da bellenilip
geçildi. 3-nji iýunda olar dürli sport çärelerini geçirdiler. Türkmenistanyň
daşary ýurtlardaky ilçihanalary türkmen we daşary ýurt diplomatlarynyň,
jemgyýetçilik we sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlaryň, şol sanda
ýurdumyzyň, beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan
talyplaryň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guradylar.