Türkmen
halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki
şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem «Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň
Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna
laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy
mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi hem-de
türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty
eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan
etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň,
neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek
bellenildi hem-de şu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi
tassyklanyldy.