milli goshun logo
Dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralanmasy
Dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralanmasy
05.07.2024 251 Habarlar

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Astana şäheriniň merkezinde, Turan köçesiniň ugrunda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkeliň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara Türkmenistanda gazak dilinde neşir edilen, Aşgabatda açylan täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna bagyşlanan kitapçanyň gowşurylandygy bellärliklidir. Mälim bolşy ýaly, bu giň gerimli taslama türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda amala aşyryldy. Kitapçada Gahryman Arkadagymyzyň Astanada geçirilen dabarada sözlän sözi hem çap edildi.