Düýn – 28-nji
aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow
bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda
milli ykdysadyýetleriň bähbitlerini we birnäçe iri taslamalary durmuşa
geçirmegiň çäklerindäki köpýyllyk bilelikdäki işiň baý tejribesini nazara almak
bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli
gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň
möhüm guraly hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk
boýunça türkmen-tatar iş toparynyň orny bellenildi.
Rustam Minnihanow
Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny
giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ýurdumyzda döredilen amatly
maýa goýum gurşawynyň, Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna pugta
eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýynyň munuň şeýle
bolmagyna ýardam edýändigini nygtady. Netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk,
şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky işjeň özara gatnaşyklar aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini tassykladylar.