Düýn – 25-nji
iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni
merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Dabarada sanly ulgam arkaly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu möhüm waka mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdi. Milli Liderimiz bu merkeziň geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, halkyň ruhy galkynyşynda, beýik ösüşlerimizi wasp etmekde medeniýete we sungata uly ornuň degişlidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly: «Döredijilik işgärleri üçin bu sungat merkeziniň gurulmagy milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň baýlaşmagyna hem-de mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegine möhüm şert döreder».