20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewiň arasynda
telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şol
söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça
pikir alyşmalar boldy hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmaga taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Milli Geňeşiň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewi doglan güni
bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagt we
Tatarystanyň ösüşiniň, doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan
döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.