Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň berekedini
alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň
çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň
geçirilýän ýerine öwrüldi.
Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik
wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly
myhmanlar gatnaşdylar.
Hasyl toýunyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda
oba hojalyk pudagyny ösdürmekde we ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde
ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglaryny hem-de
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak
dabarasy geçirildi.
Derýanyň kenarynda guralan baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylary
milli lybasly gyzlar duz-çörek, pişme, miwedir ir-iýmişler bilen bezelen toý
saçakly garşyladylar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly
çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra dabara gatnaşyjylar Arkadag we
Aşgabat şäherleriniň şäher gurluşygynda ýetilen sepgitleri, welaýatlar hem-de
oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary
tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda gazanylan üstünlikleri görkezýän oba
hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň, gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk
önümleriniň, olary gaýtadan işlemekden alnan taýýar önümleriň sergisini
synladylar.
Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi, milli
ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi gönüden-göni oba
hojalyk işgärleriniň gazanýan üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr. Şunda oba
hojalyk pudagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, dürli görnüşli önümleriň
öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öňde durýan wezipeleri oňyn çözmek maksady
bilen, täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala getirilmegi, ýer-suw serişdelerinden
rejeli peýdalanmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, pudaklaýyn
ylmy, seçgiçiligi hem-de tohumçylyk işini ösdürmek babatda toplumlaýyn çäreler
alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak
hem-de oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň möçberini artdyrmak, tohumçylyk
işini kämilleşdirmek, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerini möhüm
ugurlaryň hatarynda kesgitledi.
...Sergide ýurdumyzyň welaýatlary hem baýramçylyk
diwarlyklaryny ýaýbaňlandyryp, olaryň sergi bölümlerinde «ak altynyň» täze
hasylyndan doly horjunlar, bugdaý sünbülleri, tamdyrda täze bişirilen çörekler
we beýleki milli tagamlar görkezilýär. Bu ýerde häzirki döwürde söwda
merkezlerinde, bazarlarda ilatymyza hödürlenilýän ter miweleriň, gök-bakja
önümleriniň, ir-iýmişleriň dürli görnüşlerine orun berlipdir.
Täze taryhy döwrümiziň ähli ýyllarynda bolşy ýaly,
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda
hem oba hojalyk pudagynda uly zähmet üstünlikleri gazanyldy. Türkmen
gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny
üstünlikli berjaý edip, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaýy Watan
harmanyna tabşyrdylar. Pileçi kärendeçiler 2 müň 100 tonnadan gowrak pile
ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gök, miwe
we bakja önümleriniň, pagtanyň bol hasyly ýygnalyp alyndy. Şu ýylyň on aýynda
ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, hasabat döwründe
oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 118,2 göterime barabar boldy.
Oba hojalyk ekinleriniň ýokary hilli, kesellere we
zyýankeşlere durnukly, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan sortlaryny
peýdalanmak bol hasylyň binýadyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk
toplumyny ulgamlaýyn dolandyrmak, onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen,
däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi. Daýhan
birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns
berilýär. Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar
jemgyýetlerine, kärendeçilere ýeňillikli şertlerde bank karzlary berilýär. Bu
işler pudakda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ony hil taýdan täze
derejelere çykarmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga
mümkinçilik döredýär.
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde täze
obalardyr şäherçeler, häzirki zaman maldarçylyk toplumlary, elewatorlar, azyk
önümlerini öndürmek boýunça kärhanalar, sowadyjy, suw arassalaýjy desgalar
guruldy. Şu ýyl Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde 4 müň
500 sany ýaşaýyş jaýly döwrebap şäherçäniň gurluşygyna girişildi. Ýakynda bolsa
döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Aşgabat —
Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat
pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň, azotly dökünleri
öndürýän täze toplumyň gurluşyklaryna ak pata berdi. Bu bolsa ýurdumyzyň
sebitlerini toplumlaýyn özgertmek boýunça işleriň üstünlikli ýerine
ýetirilýändiginiň görkezijisidir.
Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynda
obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde suw
serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Suw hojalygy toplumynda
ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň, innowasion
tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Şu
ýyl Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda suw hojalygyna
degişli täze, döwrebap desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi hem muny doly
tassyklaýar.
...Dabarada aýdym-saz toparlarynyň, milli göreş boýunça
pälwanlaryň çykyşlary-da ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Gadymy türkmen
däbine görä, baş baýrak ýaryşyň ýeňijisine gowşurylýar. Munuň özi halkymyzyň
asyrlar aşyp gelýän milli däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň beýanydyr.
Baýramçylyga gatnaşyjylar milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerini, türkmen
alabaýlaryny, gözel tebigatymyzy wasp edýän amaly-haşam sungatynyň eserlerini
gyzyklanma bilen synladylar.
Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diňe bir mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly
senesini şöhratlandyrmak bilen çäklenmän, milli medeniýetimizi we sungatymyzy, taryhymyzy
dünýäde wagyz etmek üçin işlere hem giň ýol açdy. Şunuň bilen baglylykda,
ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreleriň
guralmagyna uly ähmiýet berildi. «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň
döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ahalteke
atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyny
geçirmek boýunça kabul edilen çözgüt, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ýokary ruhubelentlik derejesinde geçirilen
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy şanly
ýylyň möhüm wakalaryna öwrüldi. Häzirki döwürde türkmen suratkeşleri,
halyçylary, heýkeltaraşlary eserlerinde bedew keşbini üstünligiň, gözelligiň we
maksada okgunlylygyň nyşany hökmünde täsirli janlandyrýarlar. Ajaýyp ahalteke
bedewleriniň şekili janlandyrylan surat eserleri, halylar dünýä belli
muzeýleriň esasy gymmatlyklarydyr. Ýurdumyzda dürli bäsleşikler guralyp, bedew
atlarynyň gözelligini wasp edýän döredijilik işgärleriniň zähmetine ýokary baha
berilýär.
Diýarymyzyň pagtaçylarynyň üstünliklerine bagyşlanan
sergi bölüminde gowaçanyň ak gar ýaly pagta hanalary, çig maly gaýtadan işlemek
arkaly alynýan önümleriň görnüşleri bar. Türkmen pagtasynyň diňe bir milli
dokma senagaty üçin esasy çig mal bolman, eýsem, daşary ýurtlara eksport
edilýän gymmatly önümdigi-de bellärliklidir. Bu ýerde orta süýümli hem-de
aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtanyň iň gowy görnüşleriniň nusgalary bilen
tanyşmak mümkin. Olaryň her biri türkmen seçgiçi alymlarynyň köpýyllyk
zähmetiniň netijesidir. Sergide däneçilik pudagyna degişli sergi diwarlygyna
aýratyn orun berlipdir. Däneçilik ylmynda ylmy-barlag işleriniň işjeňleşmegi
bilen, bugdaýyň «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» atly täze sortlary döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba
hojalyk özgertmeleriniň, ýurdumyzyň ekerançylarynyň gaýratly zähmeti
netijesinde Watanymyzyň galla harmanlary beýgelip, halkymyz azyklyk un we çörek
önümleri bilen doly üpjün edilýär.
Dürli görnüşli güller ekilen meýdançalar ajaýyp güýz
paslynyň gözelligine aýratyn öwüşgin çaýýar. Tebigaty goramak boýunça döwlet
syýasatynda Milli tokaý maksatnamasyna wajyp orun degişlidir. Onuň amala
aşyrylmagyna ýurdumyzyň ähli ilaty diýen ýaly işjeň gatnaşýar. Bag ekmek
boýunça ählihalk dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. 7-nji noýabrda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek
möwsümine dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Häzirki wagtda köp ýyllaryň
dowamynda alnyp barlan bu işleriň netijeleri — Watanymyzyň dürli
künjeklerindäki giň çäkleri öz içine alýan, adam eli bilen döredilen tokaý
zolaklary, seýilgähler we seýilbaglar gözüňi dokundyrýar.
Maldarçylyk pudagyna, janly tebigata bagyşlanan sergi hem
uly gyzyklanma eýe boldy. Häzirki wagtda gallaçylyk we pagtaçylyk bilen bir
hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, ary balyny
öndürmek, balyk senagaty, oba hojalygynyň beýleki ugurlary-da işjeň ösdürilýär.
Bu giň gerimli işlere ykdysadyýetiň hususy böleginiň wekilleri işjeň gatnaşyp,
iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýärler. Maldarçylyk, guşçulyk
pudagyny ylmy esasda ösdürmek, weterinariýa barlaglarynyň innowasion
tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, öri meýdanlary rejeli peýdalanmak boýunça
geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk
önümleriniň öndürilişiniň, gaýtadan işlenilişiniň usullaryny kämilleşdirmek
möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendir. Importyň ornuny tutýan önümleri
öndürmek, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak bilen bagly döwlet
maksatnamalarynyň çäklerinde taýýar et we süýt önümlerini öndürmek üçin doly
önümçilik tapgyrly iri maldarçylyk, guşçulyk toplumlary yzygiderli gurlup
ulanmaga berilýär. Ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmek hem geljegi uly ugurlaryň
biridir.
Soňra dabaralar baýramçylyk sahnasynyň öňündäki
meýdançada dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň
edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkymyza iberen
Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Soňra Hasyl toýy mynasybetli oba hojalyk
toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize 2023-nji ýylda doglan
Hazyna atly dor reňkli ajaýyp ahalteke bedewini sowgat bermek dabarasy boldy.
Dabara gatnaşyjylar ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba
hojalyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça giň gerimli
özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi, türkmen obasynyň galkynmagy, daýhanlaryň
ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda döredýän şertleri üçin
hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem
olar zähmet üstünlikleri bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gülläp
ösmegine mundan beýläk-de goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra baýramçylyk sahnasynda Hasyl toýy mynasybetli
ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary
ýaýbaňlandyryldy. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, zähmetsöýer halkymyzyň gazanýan
üstünlikleri joşgunly wasp edildi. Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik
keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň
köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Ýerine
ýetirilen joşgunly çykyşlar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň
rowaçlygy ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere ählihalk hoşallygynyň
beýany bolup ýaňlandy.
Dabaranyň çäklerinde myhmanlar üçin türkmen toýuna mahsus
milli tagamlar we naz-nygmatlar bilen bezelen desterhanlar giňden ýazyldy.
Hatara guralan ak öýleriň ýanynda atarylan gazanlarda ussat aşpezleriň
taýýarlan milli tagamlary myhmanlara hödür edildi.
Umuman, daýhanlaryň gaýratly zähmetiniň, bereketli
türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna guralan dabara türkmen toýuna mahsus
ýokary myhmansöýerligiň, Watanymyzyň abadançylygynyň we bolçulygyň nyşany
bolup, gatnaşyjylaryň dynç hem-de baýramçylyk gününe aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Arkadag
şäherinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy.