Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň
durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň
kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Ministrler Kabinetiniň 3-nji
iýulda bolan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň
kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, nebitiň we tebigy gazyň
çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, döwrebap sanly
tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
giňeltmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly
gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli düzümi
döretmegiň hasabyna energetika ulgamynda uzak möhletli durnuklylygy gazanmak,
sarp edijileriň ykdysady taýdan amatly, ekologiýa taýdan arassa energiýa
serişdelerine giň elýeterliligini üpjün etmek üçin Ýewropanyň we Aziýanyň
energetika bazarlaryny ýakynlaşdyrmak pikirini yzygiderli öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň öňe süren, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli
Kararnamalarynda berkidilen netijeli başlangyçlary häzirki döwrüň talaplaryna
laýyk gelýän ählumumy energetika howpsuzlygynyň binýadyny döretmäge
gönükdirilendir.