Aşgabat halkara hepdeliginiň çäginde 2022-nji ýylyň
11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly
halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy «Parahatçylyk medeniýeti» gün
tertibiniň 14-nji bendine laýyklykda BMG Baş Assambleýasynyň 77-nji
sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-nyň alty resmi dilinde neşir edildi
(A/77/651). Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Resminama, jedelleri parahatçylykly ýollar we
usullar bilen çözmek baradaky borçnamalary öz içine alýan BMG-niň
Tertipnamasynyň esasy maksatlaryny we ýörelgelerini görkezilýär. Bu
nukdaýnazardan, resminama dürli görnüşlerinde öz içine alyjy gepleşikleriň
BMG-a agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm
orun eýeleýändigini nygtaýar.
Jemleýji resminamasy, BMG-nyň Baş sekretarynyň
«Parahatçylygyň kepili hökmünde Dialog» pelsepesini öňe sürmek üçin
Türkmenistanyň başlangyjy bilen utgaşýan Parahatçylygy gurmak üçin täze gün
tertibini döretmek baradaky başlangyjyny goldaýar.