milli goshun logo
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
14 sagat öň 16 Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan taýýarlanylyp, çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän žurnalda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň hem-de hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary giňişleýin beýan edilýär.

Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisindäki çykyşy bilen açylýar.

Žurnalda şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda geçirilen birinji umumy mejlisindäki çykyşy okyjylara ýetirilýär.

Okyjylara hödürlenilýän «Raýatlaryň durmuş we zähmet hukuklary — kärdeşler arkalaşyklarynyň esasy meselesi» atly makalada Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy (HZG) bilen hyzmatdaşlygy barada gürrüň berilýär.

Žurnalyň sahypalarynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň bitewülik ýörelgesi — üstünlikli diplomatiýanyň ulgamlaýyn binýady» atly makala getirilýär.

Žurnalda «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary» atly bäsleşige hödürlenen makalalar hem ýerleşdirilipdir.

«Bitaraplyk — ata Watanymyzyň nurana geljegi» atly makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklardaky täze filosofiýasy adamzadyň abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Bäsleşige hödürlenen «Eýeçilik hukugyny amala aşyrmakda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti» atly makalada häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagynyň önümçilikde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde wagty tygşytlamaga giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenilýär.

«Türkmenistanyň gümrük syýasatyny durmuşa geçirmegiň kanunçylyk esaslary» atly makala hem okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýär.

Neşir däp bolan «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda abraýly halkara düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklara, mejlislere, okuw maslahatlaryna we beýleki çärelere bagyşlanan syn okyjylara ýetirilýär.