23.04.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň ýörelgeleri
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň ýörelgeleri
01.04.2019 624 Habarlar

31-nji martda ýurdumyzda aýry-aýry saýlaw okruglar boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.

Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň bir ornuna syýasy partiýalardan we raýatlar toparlaryndan birnäçe dalaşgärler bellige alyndy. Şeýlelikde, bu günki saýlawlar ozalkylar ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýdyňlyk ýörelgelerinde geçdi.

Saýlawlaryň barşyna synçylygy ähli saýlaw uçastoklarynda milli synçylar amala aşyrdylar.

Şu gezekki saýlawlaryň häsiýetli aýratynlygy olaryň käbir saýlaw uçastoklaryndan onlaýn-alyp görkezmek usuly arkaly geçirilmeginde jemlendi. Islendik adam amatly nawigasiýa arkaly Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda ses bermegiň barşyna syn etmek mümkinçiligine eýe boldy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna, ýagny, sagat 19:00-a çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna 91,12 göterim saýlawçy, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 90,86 göterimi, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 90,71 göterimi hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 90,90 göterimi gatnaşdy.

Merkezi saýlaw toparyň beren maglumatyna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi.

Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagy bilen ses sanamak işi başlandy. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda aýan ediler.