27-nji aprelde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky
ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar
Daşoguz welaýatynyň merkezinde ýaýbaňlandyryldy.
Diýarymyzyň welaýatlarynda gezekli-gezegine guralýan at
çapyşyklary baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biridir. Şu ýyl baýramçylyk
çapyşyklary ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda geçirilýär. Ahalteke bedewleriniň
kuwwatyny, ýyndamlygyny we çydamlylygyny ýene bir gezek görkezýän at
çapyşyklary düýpli döwrebaplaşdyryş işleri geçirilenden soňra, täze görnüşe eýe
bolan Daşoguz atçylyk sport toplumynda guraldy.
Nobatdaky möwsümiň açylýandygyny alamatlandyrýan çapyşyklaryň
maksatnamasy boýunça 8 çapyşyk geçirildi. Olarda ýurdumyzyň ähli
welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýetginjek we halypa çapyksuwarlaryň
gatnaşmagynda gyzykly bäsleşikler guraldy.
At çapyşyklarynda ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda
degişli baýraklar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Baş baýraga —
Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy bolan «Toyota Land Cruiser» ýeňil
awtoulagyna jemleýji bäsleşigiň ýeňijisi, halypa çapyksuwar B.Rozyýew mynasyp
boldy.