Gadyrly Medeniýet hepdeligine
gatnaşyjylar!
Hormatly watandaşlar!
Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen
Medeniýet hepdeligi şu ýyl Daşoguz welaýatynda geçirilýär. Sizi Daşoguz
welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli
tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Häzirki
döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegi, bagtyýar
halkymyzyň abadan, sagdyn durmuşda ýaşamagy ugrunda giň möçberli özgertmeler
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarymyzda
medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň,
täze şäherçeleriň, döwrebap obalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar.
Biziň durmuşa geçirýän maksatnamalarymyz raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ýaşlar üçin täze iş orunlaryny
döretmekde, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda möhüm
ähmiýete eýedir. Bu işleriň ählisi bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz
Watanymyzyň halkara abraýyny täze belentliklere göterýär, bagtyýar
watandaşlarymyzy döwlet berkararlygynyň binýadyny berkitmäge gönükdirilen
tutumly işlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Gadyrly watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat
işgärleri!
Medeniýet
hepdeligi — ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň,
artistleriniň, kitaphana, muzeý, kino, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
we neşirýat ulgamynyň işgärleriniň, aýdym-saz, folklor, tans toparlarynyň
döredijilik mümkinçiliklerini, hünär ussatlygyny açyp görkezýän, medeniýet
babatda ýetilen sepgitleri dünýä ýaýýan sungat baýramydyr. Bu hepdeligiň her
ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynyň birinde geçirilmegi hem aýratyn mana eýedir.
Häzirki
döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen birlikde, Daşoguz welaýaty hem gülläp
ösýär. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň şäherlerinde, etraplarynda, obalarynda
senagat we oba hojalyk desgalary, saglyk, sport, bilim we medeni-durmuş
maksatly binalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.
Daşoguz
welaýatynyň çäginde türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde aýratyn orny eýeleýän
taryhy-medeni ýadygärlikleriň, gadymy galalaryň ençemesi bar. ÝUNESKO-nyň
Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan Köneürgenç taryhy-medeni
ýadygärlikler toplumyndaky gadymy ýadygärlikler, aramgähler, kümmetler özüniň
gurluş aýratynlyklary bilen görenleri haýran galdyrýar. Geçmişde Daşoguz
topragynda ýaşap geçen Nejmeddin Kubra, Aşyk Aýdyň pir, Zamahşary, Mahmyt
Pälwan, Nurmuhammet Andalyp, Şabende ýaly akyldarlaryň, şahyrlaryň gymmatly
edebi mirasy ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy kämilleşdirmekde, halkymyzyň şöhratly
geçmişini, buýsançly taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli öwüşginli medeniýeti,
sungaty, şadessanlary, aýdym-sazlary, halk döredijiligi, gadymy senetleri
umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orun aldy. Mälim bolşy
ýaly, 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi
halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň
subutnamasy boldy. Daşoguz welaýatynyň bagşylarynyň toý-baýramlarda «Görogly»
dessanynyň şahalaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirmekleri ata-babalarymyzyň
şöhratly däplerine, milli mirasyna goýulýan hormat-sarpany has-da artdyrýar. Bu
dessanyň ýaş nesilleri watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik ruhunda
terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr.
Gadyrly Medeniýet hepdeligine
gatnaşyjylar!
Daşoguz
welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň türkmen sungatynyň, edebiýatynyň
gadymy nusgalarynyň hem-de şu günki döwrebap görnüşleriniň özboluşly sazlaşýan,
bagtyýar watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine, ruhubelentlige
ruhlandyrýan sungat baýramyna öwrüljekdigine, onuň dowamynda geçiriljek
şygryýet agşamynyň, döredijilik duşuşyklarynyň, maslahatlaryň, sergileriň,
konsertleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişleriniň, döredijilik toparlarynyň
çykyşlarynyň baý many-mazmunly we täsirli boljakdygyna, şeýle hem ýurdumyzyň
medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmekde, türkmen
medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe
boljakdygyna berk ynanýaryn.
Gadyrly medeniýet we sungat
işgärleri!
Hormatly adamlar!
Sizi Daşoguz
welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
«Türkmenistan
— Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda şatlyk-şowhunly guralýan bu
sungat baýramyna gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, abadan
we bagtyýar durmuş hem-de täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW.